Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabiniň nebit kompaniýasy täze gaz ýatagyny tapdy

12:3304.08.2022
0
1065

Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC) Emirligiň deňiz ýalpaklygynda iri tebigy gaz ýatagyny tapandygyny, onuň gorlarynyň 28,3 milliarddan 42,4 milliard kub metre barabar bolup biljekdigini habar berdi. Bu barada «Trend» ýazýar.

Kompaniýanyň metbugat habarnamasynda täze ýatagyň 2-nji belgili çäkde gözleg burawynyň gazylan wagty tapylandygy aýdylýar, ol ýerdäki işleri ADNOC kompaniýasy bilen baglaşylan geleşige baglylykda, düzüminde «Eni» we «PTT Exploration and Production Public Company Limited» kompaniýalary bolan halkara konsorsiumy alyp barýar.

Şu ýylyň fewralynda hem kompaniýa ady tutulan blokda gorlary 42,2-den 56,6 milliard kub metre ýetýän iri gaz ýatagynyň üstüni açandygyny habar beripdi. Şunlukda, bu çäkdäki tebigy gaz gorlarynyň jemi möçberi 99 milliard kub metre ýetip biler.

«2-nji blok» diýlip atlandyrylýan çäk Abu-Dabiden demirgazyk-günbatarda ýerleşip, 4 müň inedördül kilometri eýeleýär. ADNOC bu ýerde 2019-njy ýyldan bäri gözleg-barlag işlerini alyp barýar we onuň nebit gorlaryny birnäçe milliard barrel hem-de gaz gorlaryny onlarça milliard kub metr bahalaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň