Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Üzüm» kafesi günortanlyk üçin arzanladyş hepdesini yglan edýär

10:2329.07.2022
0
9754

Aşgabadyň türk, ýewropa we panaziat aşhanalarynyň tagamlaryna ýöriteleşen «Üzüm» kafesi myhmanlary 4-nji awgusta çenli dowam etjek «işewürlik günortanlygy» (biznes-lanç) aksiýasyna çagyrýar. Aksiýanyň dowam edýän günlerinde sagat 12-den 16-a çenli ähli gyzgyn tagamlar, işdäaçarlar we içgiler 10% arzan bahadan hödürlenýär.

«Üzüm» kafesi dürli görnüşdäki meşhur italýan, türk, gündogar, kawkaz tagamlary, şeýle hem tagamly süýjülikleri bilen tanalýar. Restoranda gyzgyn naharlardan başga-da, tiz tagam (fastfud), gyzgyn we sowuk içgiler hödürlenýär.

Bu ýerdäki ähli un önümleri (buloçkalar, çörek we ş.m.) kafedäki hususy çörek peçlerinde bişirilýär, şonuň üçin hem olar hemişe täze we hoşboý yslydyrlar.

Her şenbe we ýekşenbe günleri myhmanlar üçin janly aýdym-saz agşamy guralýar.

Şeýle-de «Üzüm» Aşgabadyň ähli künjeklerine tagamlary eltip bermek hyzmatyny guraýar (hyzmat tölegli, bahasy eltip berilýän salga baglylykda üýtgeýär). Kafeniň hödürleýän tagamlarynyň görnüşleri bilen sosial ulgamdaky sahypasynda ýa-da «Ynamdar», «Pamador» we «Dostawka Bar» dükanlarynyň onlaýn ulgamlarynda tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: Aşgabat, Çary Baýramow köçesi, 13-nji jaý (Mežlauka);
  • Telefon: (+993 12) 36 05 00.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň