Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

19:5228.07.2022
0
10971
Aşgabatda Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi we gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilişi barada ara alyp maslahatlaşdylar diýip, ministrligiň saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýokarda agzalan resminamalaryň ýerine ýetirilmeginiň kanuny esaslaryny kämilleşdirmek, hususan-da, syýasy gepleşikler, parlamentara we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça hem-de maýa goýum taslamalarynyň we iki ýurduň arasyndaky söwda ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly «Ýol kartalary» barada pikir alyşdylar.

Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirilen işjeň gepleşikleri dowam etdirmek hakynda ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň