BAE-niň ilçisi Türkmenistanyň Hökümet wekili bilen duşuşyk geçirdi

16:4128.07.2022
0
6582

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Al Hameli 27-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow bilen gepleşikleri geçirdi.

Ilçihananyň «Twitterdäki» şahsy hasabynda habar berlişi ýaly, duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahataşyldy.

BAE söwda boýunça Türkmenistanyň iň iri hyzmatdaşlarynyň biridir. Muny ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň 2020-nji ýylda 398 million, geçen ýylda bolsa 501 million dollara ýetmegi hem aýdyň görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň