«Dolce Mia» kafe-jelateriýasynda elde taýýarlanan italýan süýjülikleri üçin arzanladyş başlandy

15:0828.07.2022
0
10920

Güneşli Türkmenistanyň paýtagtynda Italiýanyň bir bölegini duýmak aňsat! «Dolce Mia» jelateriýasynda adaty tehnologiýalar esasynda taýýarlanýan hakyky italýan doňdurmasynyň ajaýyp tagamyndan lezzet almak mümkindir.

Italiýanyň özünde bolşy ýaly, «Dolce Miadaky» jelato hem elde ýasalýar, bu bolsa süýjülige ýeňil gurluş we näzik tagam berýär. Şeýle süýjülik ähli süýjüçil adamlaryň göwnünden turar.

«Dolce Mia» meşhur italýan süýjüliginiň dürli tagamlary – 22 görnüşli jelato we näzik sorbetler, şeýle hem ýumşak doňdurmanyň 3 görnüşi bilen sizi geň galdyrar.

Jelatonyň we ýumşak doňdurmanyň aşgabatly hünärmenler tarapyndan diňe täze süýt we gaýmak esasynda tebigy önümlerden taýýarlanýandygy bellenmäge mynasypdyr.

Sorbet düzümine süýt önümleri goşulmazdan, miwe pýuresi bilen taýýarlanýan ýeňil süýjülikdir. Ol wegetariýanlar üçin örän amatlydyr.

Şeýle-de «Dolce Mianyň» hoşboý ysly, bedene güýç berýän limonadlary, kokteýlleri we kofeleri örän ajaýyp sazlaşyk bilen ähli süýjülikleriň üstüni ýetirer.

Mundan başga-da, 28-nji iýuldan 11-nji awgusta çenli «Dolce Mianyň» ähli myhmanlary «Türkmenportal» promokodyny ulanyp, hödürlenýän önümleriň ählisi üçin 20% arzanladyş alarlar.

«Dolce Mia» jelateriýasynyň meşhur italýan süýjüliklerini «Berkarar» söwda merkeziniň 3-nji gatynda irden sagat 9-dan agşam 22-a çenli dadyp görüp bilersiňiz. Eltip bermek hyzmaty boýunça Aşgabadyň içine sargyt etmek üçin telefon belgisi: (+993 65) 65 33 67.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň