Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, göni arassalanan benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Owganystanyň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen granulirlenen tehniki kükürdi satyn aldylar. Bu önüm Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň hem esasyny düzdi diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şeýle-de daşary ýurt pulunda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 403 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine bahasy 2 million 363 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin umumy bahasy 80 million 270 müň manatdan gowrak «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, el halylaryny hem-de pagta süýümini satyn aldylar.