Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň guramalary durmuş hyzmatlary boýunça maksatnamanyň netijeleri bilen tanyşdyrdy

13:2222.07.2022
0
5849

BMG-niň gatnaşyjy guramalary Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde, «Ýerli derejede inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek» atly Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde BMG-niň DÖM boýunça Bilelikdäki Gaznasyny goldaýan halkara donorlaryny netijeler bilen tanyşdyrdy.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň ýolbaşçylygynda, onlaýn görnüşde geçirilen bu ýygnaga DÖM boýunça Bilelikdäki Gaznasyna maliýe taýdan goşant goşýan BMG-niň Hemişelik wekilleri, döwletleriň Türkmenistandaky ilçileri, köp ugurly guramalar, BMG-niň ýurt boýunça toparynyň agzalary we Bilelikdäki maksatnamanyň öňdebaryjy milli hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýokary derejeli işgärleri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda ÝUNISEF-iň, BMGÖM-niň, ÝUNFPA-iň we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň baştutanlary — bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gatnaşýan dört gurama, Bilelikdäki Maksatnamany durmuşa geçirmekde şu güne çenli gazanylan möhüm sepgitleri hödürlediler:

  • Inklýuziw durmuş hyzmatlarynyň täze ýerli nusgasyny üstünlikli synagdan geçirmek, munuň dowamynda 1000-den gowrak ýagdaýy öz içine alýan 5000 ejiz adamyň, şol sanda çagalaryň 41%-niň, maýyplygy bolan adamlaryň 15%-den gowragynyň we gartaşan adamlaryň 9%-niň zerurlyklaryna, şeýle hem durmuş işi boýunça taýýarlanan işgärler tarapyndan berilýän ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlarynyň netijesinde emele gelen subutnamalara baha berildi;
  • Durmuş hyzmatlarynyň gerimini giňeldýän, bu hyzmatlara bolan elýeterliligi gowulandyrýan, hem-de umumy hukuk gurşawyny üpjün edýän we ilatyň gowşak gatlaklaryny nazara alýan, 2021-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Durmuş hyzmatlary baradaky Kanunynyň işlenip düzülmegi. Ol 2022-nji ýyldan başlap, durmuş işi boýunça taýýarlanan hünärmenleriň işini maliýeleşdirmek üçin alnyp barylýan işleri Döwlet býudjetine goşmaga mümkinçilik berdi;
  • 200-den gowrak okuwyň dowamynda 400-den gowrak durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň, durmuş hyzmatlary we degişli bölümleriň ýolbaşçylarynyň, durmuş işi boýunça hünärmenleriň we ylmy pudagyň işgärleriniň, durmuş işinde zerur bolan esasy başarnyklaryny ösdürmek, şeýle hem «Durmuş işi» hünäri boýunça bakalawr maksatnamasyny açar ýaly taýýarlyk görmek üçin täze Milli şertlere laýyklykda, ýokary bilimiň Milli standartlary we umumy okuw meýilnamalary işlenip düzüldi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanda synag edilen täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny görkezýän gysga wideo tomaşa etdiler we Bilelikdäki maksatnamanyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin Bilelikdäki Maksatnamanyň II tapgyrynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň