Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary tamamlandy

23:2120.07.2022
0
4208
Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary tamamlandy
surat: gov.ge

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Garibaşwili Türkmenistana amala aşyran iki günlük saparyny tamamlap, şu gün öz ýurduna ugrady. Bu barada Premýer-ministriň resmi saýty habar berýär.

Hökümet baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow ugratdy.

Habar berşimiz ýaly, hormatly myhman saparynyň dowamynda şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle-de ol Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň