Gruziýa bilen Türkmenistan iki ýurduň arasynda göni howa gatnawyny açmak hem-de ýük dolanyşygyny artdyrmak bilen bagly şertnama baglaşdylar. Bu barada Gruziýanyň Ykdysadyýet ministrligine salgylanyp Agenda.ge saýty habar berýär.
Häzirki wagtda Aşgabat şäherine resmi saparyny amala aşyrýan Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Gabriaşwiliniň hem-de Ykdysadyýet ministri Lewan Dawitaşwiliniň bellemegine görä, Türkmenistan Gruziýa üçin möhüm söwda hyzmatdaşy bolup durýar.
«Biz söwda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagy, bu ugurda bökdençlikleri aradan aýyrmagy hem-de Gruziýanyň önümleriniň Türkmenistana eksport edilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdyk» – diýip, Dawitaşwili belledi.