Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Çolpan Atadaky daşary işler ministrleriniň derejesindäki ýygnaga gatnaşdy

12:4120.07.2022
0
9222
Türkmen ilçisi Çolpan Atadaky daşary işler ministrleriniň derejesindäki ýygnaga gatnaşdy
surat: mfa.gov.kg

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan Ata şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň ýygnagy geçirildi. Bu barada Gyrgyzystanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyga Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Teluberdi, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Özbegistanyň daşary işler ministri Wladimir Norow we Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Şadurdy Meredow gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Çolpon Atada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 4-nji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk işlerini, sammitiň gün tertibini we jemleýji resminamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň