Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«AkDag» kärhanasy: «Biz bilelikde şu gün düýnküden, ertir bolsa şu günküden has kämilleşip bileris!»

12:0920.07.2022
0
8918

«AkDag» kärhanasy eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri awtomatik diwarlary, rollet ulgamlaryny, pergolalary, gilýotin aýnalaşdyrma ulgamlaryny we tentleri taýýarlamakda Türkmenistanda öňdebaryjylaryň hatarynda iş alyp barýar.

Kärhana Türkiýäniň «Asaş» we «Tenteks» kompaniýasynyň resmi distribýutory bolmak bilen, Türkmenistanyň ähli ýerlerine özboluşly gurnama we ýokary hilli önümleri hödürläp gelýär.

«AkDag» kärhanasynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp, şu hili ugurlara degişli gurnama enjamlaryny taýýarladyp bilersiňiz:

  • Rolikli örtükler;
  • Rulonly derwezeler;
  • Tentler we markizler;
  • Pergolalar;
  • Gilýotin we süýşýän çarçuwasyz aýnalar;
  • Sensorly awtomatik süýşýän gapylar;
  • Elektrik karnizler;
  • Derwezeleri awtomatlaşdyrmak;
  • Şlagbaumlar.

Kärhana önümçiligiň ähli tapgyrlarynda hil gözegçiligini amala aşyrýar we önümlerini 2 ýyllyk möhlet bilen kepillendirýär.

«AkDag» kärhanasynyň önümçiligiň bahasyny 30 göterim tygşytlamaga mümkinçilik berýän ösen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan öz önümçilik ussahanasy bar. Şeýle hem kärhanada ähli sargytlary tiz, netijeli we öz wagtynda ýerine ýetirmäge şert döredýän ammarlar toplumy bar.

Şunuň bilen birlikde, «AkDag» kärhanasynyň hünärmenler topary bazaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, önümleriň görnüşlerini yzygiderli artdyrmaga çalyşýarlar. Bu ýerde zähmet çekýän azyndan 3 ýyl tejribesi bolan hünärmenler dürli ugurlara degişli 352 taslamany üstünlikli ýerine ýetirdiler.

«Biz öz iş ýörelgämize görä kärhananyň işinde özgertmeleri tiz durmuşa geçirýäris we bäsdeşlikli önümçilik çygrynda üstünlikli netijeleri gazanýarys. Bu bolsa işewür hyzmatdaşlaryň, hünärmenleriň we müşderileriň kärhananyň önümçiligine bolan ynamyny döredýär. Biziň kärhanamyz işewürlige yzygiderli çemeleşmegi, ähli önümleriň hilini, hünär ussatlygyny, ygtybarlylygyny we medeniýetini bilýänler bilen hyzmatdaşlyk etmäge hemişe açykdyrys. Bu ýörelgelere eýermek bilen, şu gün düýnküden, ertir bolsa şu günküden has gowy netijelere ýetip biljekdigimize ynanýarys» – diýip, «AkDag» kärhanasynyň ýolbaşçysy ynamly belläp geçýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+993 65) 69-11-53, (+993 65) 71-30-55, (+993 65) 71-30-66;
  • Elektron poçta salgysy: info@akdagtm.com, akdagtm@gmail.com, akdag.com.tm;
  • Salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Gurbansoltan eje köçesi, 19-njy jaý (Gurtly ýaşaýyş toplumynyň 43-nji jaýy);
  • Sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň