Türkmenistandaky Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň çäginde benzin, kükürtsiz dizel fraksiýasy we suwuklandyrylan gaz saklamak üçin ätiýaçlyk toplum gurlar. Bu babatda «Türkmenhimiýa» konserni bäsleşikler boýunça iş toparynyň adyndan bäsleşik yglan edýär diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin aşakdaky resminamalar şu salgy boýunça: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 132-nji jaýyna, ýagny «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine tabşyrylmalydyr:
- bäsleşige gatnaşmak isleýändigi hakynda öz eli bilen ýazan arzasy. Arzada dalaşgäriň doly ady, hukuk derejesi, resmileşdirilen ýurdy we rekwizitleri görkezilmelidir.
- goşulan baha üçin salgydy hasaba almak bilen, 1150 (bir müň bir ýüz elli) amerikan dollaryny ýa-da Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursy boýunça şol mukdardaky türkmen manadyny (Türkmenistanyň rezidentleri üçin) tölemek arkaly bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almak.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.
Bäsleşik üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti – bäsleşigiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş güni.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 39 01 73 we (+993 12) 39 01 64.
Elektron poçta salgysy: turkmendokun@mail.ru