Geçen hepdede Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 geleşik hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Şeýle-de daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň we Ermenistanyň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de guradylan buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 55 million 399 müň 550 dollaryna deň boldy.
BAE-niň we Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri 13 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.