Türkmenistan Russiýadan täze teplowozlary satyn aldy

22:5417.07.2022
0
11346

«Türkmendemirýollary» agentligi Russiýadaky Brýansk maşyngurluşyk zawodynda öndürilen bäş sany magistral ýük teplowozyny satyn aldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Bu çekiji demir ýol ulaglary «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ulaglar parkynyň üstüni ýetirer. Olar çylşyrymly ýollarda we kyn howa şertlerinde işlemek üçin niýetlenendir.

«Brýansk maşyngurluşyk zawody» Russiýanyň ulag gurluşyk bazaryndaky iň uly kompaniýasy bolan «Transmaşholdingiň» düzümine girýär.

«Transmaşholding» kompaniýasy döredilen wagtyndan bäri Türkmenistana ýük we ýolagçy teplowozlaryny iberip gelýär.

Ýatladyp geçsek, 2021-nji ýylda hem Türkmenistana Brýansk maşyngurluşyk zawodynda öndürilen 2TE25KM ýük teplowozy getirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň