Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentini gutlady

15:3016.07.2022
0
5800

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

— Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar — diýlip, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenilýär.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň türkmen we gruzin halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Salome Zurabişwilä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gruziýanyň halkyna bolsa öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň