Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana sapar bilen barar

16:1213.07.2022
0
9198

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji iýulda goňşy döwlete sapar bilen barmagyna garaşylýar. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň çäklerinde iki döwletiň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasy temalary özara söwdanyň gerimini giňeltmek, senagat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, ulag we üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, suw dolandyryş pudagynda möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, sebitara gatnaşyklary güýçlendirmek, şeýle hem medeni we ynsanperwer gatnaşyklary dowam etdirmek üçin täze teklipler bolar.

Iki günlük saparyň netijelerinden soň Bilelikdäki beýannama kabul ediler we ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Samarkant şäherine gezelenji hem meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň