Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-ysy hasaba alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 535 müň 500 dollaryna deň boldy.
Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Mundan başga-da, Owganystanyň işewürleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Bu önümlerden başga-da daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyldy.
Manat serişdelerine bolsa Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri 390 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazar üçin türkmen işewürleri jemi bahasy 80 million manada golaý bolan «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen owradylan tehniki kükürdi, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.