Soňky habarlar

Arhiw

«Aragatnaşyk ulgamynda ýetilen sepgitler» atly okuw maslahaty geçirildi

12:2807.07.2022
0
1453

«Türkmenaragatanşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde aragatnaşyk ulgamynyň degişli edara-kärhanalarynyň hünärmenleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Aragatnaşyk ulgamynda ýetilen sepgitler» atly okuw maslahaty geçirildi.

5-6-njy iýulda geçirilen maslahatda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, edara-kärhanalara yzygiderli täze sanly hyzmatlary ornaşdyrmak, sanly ulgamyň durmuş-ykdysady ýagdaýlara ýetirýän oňyn täsiri barada aragatnaşyk ulgamynyň hünärmenleri we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň