Gazagystan Türkmenistan bilen paýly gatnaşykda 100 müň tonnalyk elewator gurar

23:0104.07.2022
0
7923

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak, sebitleri ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň dowamynda oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän A.Ýazmyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer Gazagystanyň bugdaýyny we un önümlerini Owganystana hem-de onuň üsti bilen beýleki ýurtlara ibermekde bilelikdäki hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndaky Çemenabat maldarçylyk hojalygynda 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenilen elewatory hem-de oňa gerek bolan haltalary öndürýän önümçiligi ýola goýmak maksat edinilýär. Bu işleri paýly gatnaşyk esasynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bu işleriň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde, şol sanda Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermekde ähmiýetlidigini belläp, hödürlenen teklibi içgin öwrenmek babatda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

«Turkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň maý aýynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hat iberdi. Gazak Lideri öz hatynda geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda gaz pudagynda geljegi uly taslamalary amala aşyrmak hem-de türkmen-owgan serhedinde galla terminalyny gurmak barada anyk ylalaşygyň gazanylandygyny nygtady. Şol taslamalaryň üstünde içgin işlemek üçin bolsa, gazak wekiliýetiniň Türkmenistana iberilendigini belledi.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň