Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

22:2004.07.2022
0
4010
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler baradaky meselelere garalyp, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de wise-premýer A.Ýazmyradowyň hasabatlary diňlenildi. Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan işler, galla hasylynyň ýygnalyşy, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyk işleriniň öz wagtynda geçirilişi, bugdaýdan boşan ýerlerde sürüm işleriniň, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barlyşy barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde sebitlerde ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja önümlerini, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almak, gant şugundyrynyň ekişi, şaly ekinine ideg etmek babatda alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Ahal welaýatynyň häkimi welaýatyň uzak ýaýlalaryndaky we düzlüklerindäki ekinleri medeni zolaga geçirmek babatdaky işleriň guralyşy barada hem habar berdi. Ýurduň sebitlerinde şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabatlarda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häkimlere we wise-premýer A.Ýazmyradowa möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary derejede alyp barmak, welaýatlaryň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup tamamlanmagy üçin, olardaky gurluşyk işleriniň depginini yzygiderli gözegçilikde saklamak we beýleki meseleler bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany uzak ýaýlalardaky we düzlüklerdäki ekinleri medeni zolaga geçirmek babatdaky işleriň guralyşyna möhüm ähmiýet berilmeginiň zerurdygyny belläp, bu ugurda haýal-ýagallyga ýol berilmeli däldigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň