Soňky habarlar

Arhiw

Gümrük gullugy: Türkmenistan eksport bazaryndaky ornuny giňeldýär

20:5304.07.2022
0
4225
Gümrük gullugy: Türkmenistan eksport bazaryndaky ornuny giňeldýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurtdan eksport edilýän harytlarynyň möçberleriniň artýandygyny belleýär. Şeýle harytlaryň aglaba bölegini oba hojalyk önümleri düzýär.

Şu ýylyň başyndan bäri pomidoryň daşary döwletlere eksport edilen möçberi 78 müň tonnadan gowyrak bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 50 göterime golaý ýokarlandy. Bu döwürde hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän konditer önümleriniň, kelemiň, mäşiň we soganyň uly möçberi daşarky bazara iberildi. Bulardan başga-da miwe we gök-bakja ekinleriniň üpjünçiligi içerki bazarlardan artýan ter alma, armyt, şetdaly, käşir, bolgar burçy, guradylan miweler we beýleki azyk önümler eksport edildi.

Ýurduň gümrük edaralarynda resmileşdirilýän azyk däl harytlaryň eksportynyň ösüşi hem yzygiderli artýar. Şu ýylyň başyndan bäri hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän aýakgaplaryň eksporty geçen ýyla görä 3 esse ýokarlandy. Eksporty ýokarlanýan harytlaryň sanawynda ýuwujy serişdeleri, mebeli, gaýtadan işlenen deri önümlerini hem görkezmek bolar.

Gümrük serhediniň üstünden geçirilýän haryt möçberleriniň artmagy gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegini we olaryň sazlaşykly ýerine ýetirilmegini, ýük akymlarynyň päsgelçiliksiz hereketi üçin amatly şertleriň döredilmegini kesgitleýär. Şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we bir ülňä getirmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar. Bu ulgam, eksport, import we üstaşyr geçirilýän harytlaryň elektron usulda gümrük taýdan resmileşdirilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgamyň doly işe girizilmegi bilen gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilişiniň wagty hem-de olara gerek bolan çykdajylaryň möçberi hem birnäçe esse azalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň