«Petronas Çarigali(Türkmenistan)Sdn Bhd» kompaniýasynda wakansiýa açyldy

11:1504.07.2022
0
39377

«Petronas Çarigali(Türkmenistan)Sdn Bhd» kompaniýasy «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda lukman hünäri boýunça wakansiýa yglan edýär.

Iş ýeri ― Gyýanly.

Dalaşgärler kompaniýanyň şu talaplaryna laýyk gelmelidir.

  • Lukmançylyk ugrundan ýokary bilimli;
  • Intensiw terapiýada reanimatolog hökmünde 5-7 ýyl iş tejribeli;
  • Iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürlemek ukyply;
  • MS Offiсe programmalarynda işlemegi başarýan bolmaly.

Anketalary kompaniýanyň Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý(Blok b) salgyda ýerleşýän edarasyndan alyp bolar.

Doldurylan anketalar hem şu salga gowşurylmaly ýa-da kompaniýanyň reсruitment.tm@petronas.сom.my salgyly elektron poçtasyna wakansiýa barada bildirişiň çap edilen gününden 1 hepdä çenli möhletde wakansiýanyň we dalaşgäriň adyny, atasynyň adyny hem-de familiýasyny görkezip ugratmalydyr.

Kompaniýanyň talaplaryna has laýyk gelýän dalaşgär gürrüňdeşlige çagyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň