Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary çöl şertlerinde miweli ekinleri ýetişdirmegiň mümkindigini aýdýarlar

17:4802.07.2022
0
1737

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynda ýurtda suw ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen gurulýan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we onuň zeý akabalarynyň ugrunda, şeýle hem hojalyk desgalarynyň çölüň ekoulgamlaryna edýän täsirini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Milli institutyň biodürlülik barlaghanasynyň ylmy işgärleri tarapyndan Daşoguz welaýatynyň çäklerinde fitomeliorant ösümlikleri şorlaşan ýerlerde ösdürip ýetişdirmek bilen, meýdan tejribeleri geçirilýär. Bu ösümlikler, şol sanda süýji buýan kösükliler maşgalasyna degişli bolup, kökünde atmosferadaky azody toplaýan bakteriýalary saklaýar. Buýanyň kökündäki bu bakteriýalar topragy azot bilen baýlaşdyrýar we gurplandyrýar. Aýratyn bellemeli ähmiýetli taraplarynyň biri hem buýanyň köküniň ýerasty şor suwlaryň ýerleşýän derejesini aşaklatmaga we şorlaşan ýerlerde ösmäge ukyplylygydyr. Bu mesele «Innowasiýa tehnologiýalaryny agrosenagat toplumyna ornaşdyrmak» atly düýpli we amaly ylmy barlaglaryň ugruna degişlidir. Ylmy-barlag işleri ýokary tehnologik usulyýetlerde alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ugurda ylmy-amaly gollanmalar taýýarlanyldy we çapa berildi.

Tokaýlaryň we öri meýdanlarynyň ekologiýasy barlaghanasynyň ylmy-barlag işleri Merkezi Garagumda hoz-miweli ekinleri ýetişdirmegiň nazary esaslarynyň we ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleriň taýýarlanylmagyna bagyşlanandyr. Şeýle ekinleriň ýokary uýgunlaşyş aýratynlyklaryna eýedigine göz ýetirildi, olar täze şertlere oňat uýgunlaşýarlar we olary Merkezi Garagumda ýeňil çägeli topraklarda ösdürip ýetişdirmegi teklip edip bolýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň çöl şertlerinde miweli ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça mümkinçilikleriň bardygy anyklanyldy.

Ylmy-tehniki maglumatlar we taslamalar bölüminiň ylmy-barlag işleri, esasan, Aşgabadyň günortasynda, Merkezi Köpetdagyň eteginde döredilen tokaý zolaklarynda geçirilýär. Tokaýlaryň toprak-howa şertlerine edýän täsiri we geljekde tokaýlary durnukly dolandyrmak boýunça usullar öwrenilýär. Barlag işleri pürli we ýaprakly tokaýlarda hem-de açyk, tokaýsyz meýdanlarda alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň