Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi

22:1801.07.2022
0
2554
Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman döwlet Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de özi üçin amatly pursatda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen gelip görmäge iberen çakylygyny gowşurdy.

Duşuşykda türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini, hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlarynyň kesgitlenmegini we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini esasy ugur edinýän Hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda ösdüriljekdigine hem-de anyk many-mazmun bilen onuň üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirildi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň