Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Filippinleriň täze Prezidentini gutlady

23:2101.07.2022
0
2615
Serdar Berdimuhamedow Filippinleriň täze Prezidentini gutlady
Surat: ria.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Ferdinand Romualdes Markosa Filippinler Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilşi ýaly, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ferdinand Romualdes Markosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, şeýle hem Filippinler Respublikasynyň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda hem-de işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň