Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

23:5429.06.2022
0
3263
Özbegistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbek Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, hemişe açyklygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykarylandygy nygtaldy. Türkmenistan we Özbegistan BMG-niň hem-de beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglygyny hem-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň