Türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti öz işine başlady. Sammite gatnaşmak üçin Hazar «bäşliginiň» döwlet Baştutanlary Aşgabada geldiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin kenarýaka döwletleriň Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygy babatda wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Hazar sebitiniň döwlet Baştutanlary halkara we sebitara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alşarlar. Mundan başga-da, sammitiň çäginde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar meýilleşdirilýär.