Soňky habarlar

Arhiw

«Medeniýet hepdeligi — 2022-niň» çäklerinde «Türkmenfilm» birleşiginiň täze filmleri görkeziler

09:2924.06.2022
0
7403

Türkmen kinematograflarynyň täze işleri Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde görkeziler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, filmler welaýatyň administratiw merkezinde bolşy ýaly, golaýdaky etraplaryň Medeniýet öýlerinde hem görkeziler. Şeýle hem meşhur kino işgärleri bilen döredijilik duşuşyklary geçiriler we filmleriň düşürilişindäki rekwizitlerden we egin-eşiklerden ybarat göçme sergiler guralar.

Soňky wagtlarda «Türkmenfilm» birleşiginde birnäçe doly göwrümli we gysga göwrümli filmleriň ençemesi surata düşürildi. Şolaryň hatarynda Sahysalyh Baýramowyň taryhy wakalara bagyşlanan «Gyzyl kürte», Wepa Işangulyýewiň «Çapar», Batyr Batyrowyň «Hajy gulak», Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin» filmleri bar.

Şeýle hem häzirki zaman durmuşy şekillendirýän filmler-de bar: Annadurdy Täşliýewiň «Binýat», Läle Esenowanyň «Owaz», Myrat Orazowyň «Sähra aýdymy» filmleri.

Kino surata düşürmek işleri döredijilik forumynyň geçýän wagtynda hem dowam eder. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi çeper-publisistik filmi surata düşürmegiň üstünde iş alyp barýar. «Margiana» atly täze kinofilm

Maryda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň wakalary barada gürrüň berer.

Ýatlatsak, Medeniýet hepdeligi 27-nji iýuna çenli dowam eder.

Öň, «Türkmenfilm» birleşiginde täze çeperçilik filminiň surata düşürilýändigini habar beripdik.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň