Soňky habarlar

Arhiw

Awstraliýaly ýaşaýjy göwresini ýerden götermekde dünýä rekordyny goýdy

17:0120.06.2022
0
5267

Awstraliýaly Deniýel Skali özboluşly dünýä rekordyny goýmak bilen Ginnesiň Rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmagy başardy. Bu oglan bir sagadyň dowamynda 3182 gezek ýerden göwresini götermek maşkyny ýerine ýetirdi. Bu eýýäm Skaliniň ikinji rekordydyr. Birnäçe ýyl mundan ozal ol tirseginde dowamly durup rekord netijäni görkezipdi.

Skaliniň bu barada bellemek bilen, ýetginjeklik ýyllarynda elini döwdürip, onuň birahatlyk bermegini ýeňip geçmek üçin hem bu tilsimleri öwrenendigini we ýokary netijäni görkezmäge ukybynyň ýetendigini belleýär. Netijede, Skali geçen ýylda Jarred Ýangyň bir sagatda 3054 gezek göwräni ýerden göterip goýan rekord netijesini täzeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň