Soňky habarlar

Arhiw

«Mersedes» brendi birnäçe awotulag kysymlarynyň önümçiligini bes eder

13:5820.06.2022
0
3565
«Mersedes» brendi birnäçe awotulag kysymlarynyň önümçiligini bes eder
Surat: mbusa.com

Dünýä bazaryna CLE klas awtoulag kysmynyň çykarylmagy bilen baglylykda, «Mersedes» awtoulag kompaniýasy bir görnüşe degişli bolan birnäçe awoulaglarynyň önümçiligini bes etjekdigini mälim etdi.

Kompaniýanyň çözgüdi bu awtoulaglara bolan islegiň peselendigi bilen baglydyr. Kompaniýa bu hili awtoulaglaryň täze görnüşlerini döretmek üçin köp mukdarda amaý goýmagyň zerur däldigi baradaky pikirini öňe sürýär. Hünärmenleriniň bellemeginde görä, täze döredilýän CLE klas awtoulag kysmy kupeniň hem-de C- we E-klas kabrioletleriň ornuny tutar diýilýär. Onuň köpçülikleýin öndürilmegine bolsa şu ýylda başlanar.

CLE klas awtoulagyny önümçilige goýbermek bilen «Mersedes» kompaniýasynyň ilkinji bolup iki litrlik dört turbaly gibrid güýç agregatly boljagy bellenilýär. Bu barada car.ru web saýty habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň