Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «KAMAZ» we «Tatneft» taslamalary boýunça Tatarystan bilen haryt dolanyşygyny ýokarlandyrar

18:2717.06.2022
0
13154

Bu barada 15-nji iýunda Kazan şäherinde türkmen-tatar Iş toparynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça geçiren özara duşuşygynyň dowamynda bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko «KAMAZ» paýdarlar jemgyýeti, «Tatneft» paýdarlar jemgyýeti, KER-Holding, Kazanyň dikuçar zawody, «Ak bars» gämi gurluşyk korporasiýasy we beýleki kärhanalar bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerinde haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak bilen bagly şertnama baglaşdylar.

Taraplar üstümizdäki ýylda türkmen-tatar bilelikdäki Iş toparynyň 8-nji ýygnagyny, şeýle hem Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günlerini geçirmek ýaly birnäçe bilelikdäki çäreleri guramak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň