Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

22:1515.06.2022
0
5731

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň web-saýtynda habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda: «Siziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy köp ugurlarda ajaýyp üstünlikleri gazandy we özüne mahsus ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar» diýip belläp geçýär.

Türkmen Lideri şu ýylyň mart aýynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligi ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny we şonuň dowamynda hakyky dostlukly gatnaşyklary hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge çuňňur gyzyklanma bildirilendigini belläp, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny geljekde-de has ýokary derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, dostlukly hytaý halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň