Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Tähranda iş duşuşyklaryny geçirdiler

19:1814.06.2022
0
5693

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iki günlük resmi iş sapary başlanýar. Onuň çäklerinde şu gün irden Tährana gelen Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary eýranly kärdeşleri bilen iş duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdiler.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Eýranyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen şu günki geçiren duşuşyklary hem özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Olaryň dowamynda, esasan, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, senagat, bilim, medeniýet, sport ulgamlary boýunça hyzmatdaşlykda gazanylan netijeler barada aýdylyp, bu ugurlardaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşmäniň habar bermegine görä, 15-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler we olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň