Türkmenistanyň Prezidenti Filippinleriň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

23:1512.06.2022
0
4723

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertäni we ýurduň ähli halkyny Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp Prezident Rodrigo Roa Dutertä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Filippinleriň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Belläp geçsek, Filippinlerde Garaşsyzlyk güni 1898-nji ýylyň 12-nji iýunynda Filippinleriň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň kabul edilmeginiň şanyna her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän köpçülikleýin baýramçylyklaryň biridir. Bu baýram 1962-nji ýyldan bäri Filippinlerde milli baýramçylyk hökmünde bellenilip gelinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň