Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň iň göreldeli mekdep müdiri yglan edildi

16:3912.06.2022
0
105366
Türkmenistanyň iň göreldeli mekdep müdiri yglan edildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýylda geçirilýän bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanda iň göreldeli mekdep müdiri yglan edildi.

Bäsleşigiň jemlerine görä, Türkmenistanyň «Iň göreldeli mekdep müdiri» diýen baýraga Aşgabat şäheriniň 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň müdiri Suraý Mämmedowa mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşirinde habar berilýär.

Suraý Mämmedowa 2001-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, Doşogzuň 5-nji orta mekdebinde mugallym bolup işledi.

20 ýyllyk mugallymçylyk kärinde ol Çeleken, Türkmenbaşy hem-de Türkmenabat şäherlerinde zähmet çekdi. Aşgabat şäheriniň 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde bolsa Suraý Mämmedowa 2010-njy ýyldan bäri işläp gelýär.

Onuň mugallym hökmünde yhlasly zähmeti, terbiýeçilik ussatlygy we işini netijeli alyp barýanlygyny nazarda tutulyp, mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, soňra bolsa mekdebiň müdiri wezipeleri ynanylýar. Mekdep müdiri wezipesinde zähmet çeken wagty hem mekdebiň okuw-usuly işleriniň netijeleriniň ýokarlanmagyna mynasyp ýardamyny ýetirdi diýip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň