Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Gala» akwaparky işläp başlady

20:4607.06.2022
0
40566

Türkmen paýtagtynda ýerleşýän «Gala» medeni-dynç alyş merkeziniň akwaparkynda suwa düşmek möwsümi başlandy.

Indi paýtagtyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üç aýlyk tomusky dynç alyş döwründe uzak ýerlere gitmezden, paýtagtyň golaýynda, dagyň etegindäki ajaýyp tebigatly ýerde ýerleşýän «Gala» medeni-dynç merkeziniň akwaparkynda suwa düşüp wagtlaryny hoş geçirip bilerler.

«Gala» medeni-dynç alyş merkezi golaýda ýerleşýän hem-de tebigaty, arassa howasy we jana ýakymly suwy bilen tapawutlanýan dynç alyş ýeridir. Bu ýerde çagalaryň we uly ýaşlylaryň dynç almagy göz öňüne tutulyp gurnalan zolaklar, typançak aýlawlar, dynç alyş setleri, multfilmlerdäki «garakçylaryň» bezeginde şekillendirilen akwapark we beýleki gyzykly güýmenjeler bar.

Bulardan başga hem toplumyň çäginde batutly çagalar meýdançasy, hiňňillikler we hereketli oýunlar üçin ýerler döredildi. Şeýle-de bu ýerde her ýekşenbe günleri dürli hili täsin çäreler geçirilýär.

Dynç alyş möwsümini suw howzunyň lezzeti bilen geçirmek isleseňiz şu telefon belgiler arkaly habarlaşyp dynç alyş zolagynda özüňize ýer sargyt edip bilersiňiz: + 99362 66 88 88, +99361 97 20 60, +99361 97 20 61.

Basseýn her gün sagat 10:00-dan 22:00-a çenli işleýär.

Işlenilmeýän wagt: her duşenbe gününde sagat 09:00-dan 14:30-a çenli arassaçylyk işleri geçirilýär.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň