Türkmenistanyň iň bir gözel künjeginiň biri bolan Köpetdagyň goýnunda ýerleşýän «Gala» medeni-dynç alyş merkezi şu ýylyň 1-nji maýyndan myhmanlar üçin gaýtadan işläp başlady.
Bu merkeze gelýän myhmanlar tebigatyň özboluşly gözelliginden lezzet alarlar. Aýratyn hem «Gala» medeni-dynç alyş merkezi ýaz hem-de tomus pasyllarynda has-da gözel bolýar.
3,21 gektar ýerde ýerleşýän «Gala» medeni-dynç alyş merkezi Köpetdagyň etegine golaý ýerleşýär, munuň özi onuň aýratyn özüneçekiji bolmagyna täsirini ýetirýär. Bu ýere gelýänler diňe bir oňat dynç almak hem-de wagtyňy gyzykly geçirmek bilen çäklenmän, ýerli tebigat gözelliklerini synlap, tämiz dag howasyndan dem alarlar.
Bu ýerde wagtyňy şadyýan geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Şeýlelikde, «Gala» medeni-dynç alyş merkezinde maşgala bolup dynç almak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.
Şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerlerini bezeg işleriniň her bir bölegine döredijilikli çemeleşilendigi görünýär. Bu ýerde gündogar äheňlerinde ýerine ýetirilen telärler bar, pyýadalar üçin ýodajyklar, ýaşyl zolaklar hem bar. Bu ýerdäki çeşmejik we emeli şaglawuk ýerli künjegiň aýdyň bezegine öwrüldi. Kiçijik heýkeltaraşlyk eserleri hem ünsi özüne çekýär. Bu ýerde birnäçe ýönekeý arkalar bilen bezelen toý tutýan ýaşlar üçin ýürek şekilindäki ýadygärlik surata düşmek üçin niýetlenen täsin künjek bar.
Iki gatly binada «Jülge», «Gökdere», «Dagdan» we «Gaýa», «Balyk» atly restoranlar hem-de toý dabaralaryny geçirmek üçin «Depe» toý mekany ýerleşýär. Bu ýerde myhmanlara ýokary hilli hyzmat kepillendirilýär hem-de islendik görnüşli tagamlaryň giň toplumy hödürlenilýär. Olaryň arasynda tejribeli aşpezleriň taýýarlajak türkmen milli tagamlary aýratyn orun eýeleýär. Restoranlarda dynç almaga gelýänler üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan amatly ýagdaý döredilendir.
Belläp geçsek, «Gala» medeni-dynç alyş merkezi 2017-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň eks-prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi.
Merkez irden sagat 10:00-dan agşam 22:00-a çenli işleýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
- +993 62 66 88 88;
- +993 61 97 20 60;
- +993 61 97 20 61;
- +993 61 97 20 62;
- +993 61 97 20 63.