Şu gün Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary we BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň ýakynda Täjigistanda geçiriljek «Durnukly ösüş üçin suw» atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýan iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde gelen ilkinji ýurdy boldy.
Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň aýdan mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar, dürli ugurlarda durmuşa geçirilen taslamalaryň onlarçasy şol hyzmatdaşlygyň netijeliligine şaýatlyk edýär. Şeýle hem 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibiniň çäklerinde bilelikde işlemegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu gün tertibindäki wezipeler Türkmenistany 2052-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen möhüm maksatlara hem-de wezipelere laýyk gelýär.
BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Türkmenistanyň amala aşyrýan giň gerimli milli we sebit ähmiýetli taslamalarynyň möhümdigini nygtap, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-logistika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly adamzada degişli wajyp meseleleriň çözülmeginde türkmen tarapynyň işjeň orun eýeleýändigi üçin hormatly Prezidente hoşallyk bildirdi.
Hanym Amina Mohammed tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna kybap gelýän däp bolan hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna hem-de yzygiderli ösdürilmegine onuň wekilçilik edýän guramasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow alnyp barylýan işlere şeýle ýokary baha berendigi üçin minnetdarlyk bildirip, strategik taýdan möhüm ugurlarda halkara tagallalaryna Türkmenistanyň mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini nygtady.