Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda kelläniň sürtülmesinden zarýad alýan «akylly ýassyk» oýlanyp tapyldy

15:3206.06.2022
0
3208

Hytaýyň alymlary ukynyň hiline gözegçilik edýän we eýesiniň ýatalgadan ýere gaçmak howpunny duýdurmaga ukyply «akylly ýassygy» döretdiler. Şol bir wagtda adaty bolmadyk bu enjam kelläniň sürtülmesiniň hasabyna zarýadlanýar.

Bu hadysa ýassygyň üstünde ýerleşen maýyşgak polimer birleşmeleriň hasabyna amala aşýar we enjamyň işlemegi üçin togy döredýär.

Oýlap tapyjylaryň bellemegine görä, «akylly ýassygy» keseli kesgitläp biler ýaly programmalaşdyryp bolýar. Hususan-da, bu enjam boýun spondilezini anyklap bilýär. Boýun spondilezi bu ýeňse beýniniň oňurga ara diskleriniň gysylmagy bilen emele gelýän ýagdaýdyr. Alymlar bu tapyndylarynyň dürli keselleri gözegçilikde saklamaga we bejermäge ýardam etjekdigine ynanýarlar diýip, daily.afisha belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň