Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Amerikaly lukmanlar 3D-printerde gulak ýasap hassa oturtdylar

15:0506.06.2022
0
5227
Amerikaly lukmanlar 3D-printerde gulak ýasap hassa oturtdylar
Surat: mir24.tv

ABŞ-da lukmanlar 3D-printerde gulak ýasadylar, agza 20 ýaşly gyzyň dokumalaryndan ýasaldy. Lukmanlara gulagy hassa üstünlikli oturtmak başardy diýip, «The New York Times» gazeti habar berdi.

Alymlar dokumany üç ölçegli çap etmek ugrunda ýedi ýyllap iş alyp bardylar. Netijede, olaryň oýlap tapan usuly özüne birgiden patentlenen tehnologiýalary birleşdirdi. Gulak implantyny almak üçin hünärmenler öýjükleri kekirdewüge öwürmek üçin iýmitlendiriji suspenziýada ýerleşdirdiler. Öýjükler suspenziýada milliarlardça öýjüklere çenli köpeldildi, soňra olar kollagen esasly syýada ýerleşdirildi we ondan soňra printerde gulak çap edildi, munuň üçin on minutdan hem az wagt gerek boldy.

Alymlar çap edilen beden agzasynyň hassa oturdylmagynyň dokuma inženeriýasynda haýran galdyryjy üstünlikdigini belleýärler.

Karnegi-Mellon uniwersitetiniň biolukmançylyk inženeriýasy professory Adam Faýnbergiň sözlerine görä, bu täzelik 3D çap ediş tehnologiýasynyň lukmançylykda giňden ornaşdyryljak döwrüniň uzakda däldigini görkezýär. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň