Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň kubogy ― 2022: Türkmenistanyň ýygyndysy «A» toparçada ikinji orna göterildi

23:5804.06.2022
0
8565

Eýranyň ýaşlar ýygyndysy bilen bolan duşuşykda gazanylan 2:1 hasabyndaky ýeňişden soň Ahmet Agamyradowyň şägirtleri toparçada utugyny 3-e çykardy. Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy ýaryşyň çärýek finalyna çykmak üçin oňat mümkinçilige eýe boldy.

«A» toparçanyň başyny 6 utuk bilen özbek ýygyndysy çekýär. Katar bilen Eýranyň ýygyndysynda bolsa 1 utuk bar.

7-nji iýunda boljak 3-nji tapgyryň duşuşygynda Ahmet Agamyradowyň şägirtleri Kataryň ýygyndysy bilen güýç synanyşar. Duşuşygyň başlangyç jürlewügi 22:00-da çalnar. Çärýek finala çykmak üçin türkmen ýygyndysyny deňlik hasap hem kanagatlandyryp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň