Merilin Monronyň şahsy esbaplary auksiona çykaryldy

18:0703.06.2022
0
6666

Ady rowaýata öwrülen Golliwud aktrisasy Merilin Monronyň doglan gününiň 96 ýyllygy mynasybetli onuň esbaplary «Golliwudyň rowaýaty şahsyýetleri» auksionyna çykarylar.

Meşhur aktrisanyň muşdaklary Meriliniň ökjeli çal köwüşlerini, altyn gulak halkalaryny we 1954-nji ýylda «Isleýän zadyňy alanyňdan soň, sen bu zady islemersiň» mýuziklinde eden çykyşynda geýen baş gaply zerli köýnegini satyn alyp bilerler.

Mundan başga-da, bäsleşikli satuwa zerli kupalniler çykarylar. Olaryň her biri 100 müň dollar bahalandyrylýar. Şeýle hem satuwa 1955-nji ýyldaky golýazma haty çykarylar. Onda aktrisanyň aktýorçylyk sungaty sapaklary barada aýdylýar. Ýene-de bir lot hökmünde Merilin Monronyň möhleti geçen tölegleri we jerimeleri hakynda petekli American Federation of Television and Radio Artists şahsy kartasy çykarylar diýip, mir24 habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň