Top.Mail.Ru

Aşgabatda Gizia dükanynyň ýaz-tomus 2022 täze kolleksiýasynyň görkezilişi geçiriler

13:3303.06.2022
0
8853

4-nji iýunda 16:00-da «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde Gizia brendiniň Türkmenistandaky ilkinji dükanynyň açylyşy geçiriler.

Dabaranyň barşynda yhmanlara ýaz-tomus 2022 täze kolleksiýanyň moda görkezilişi geçiriler, şeýle hem furşet we şüweleň maksatnamasy guralar.

Myhmanlar üçin ýene-de bir ýakymly sowgat hökmünde baýraklary gazanmak mümkinçiligi dörediler 500 manatlyk we ondan köp söwda eden her bir müşderä dükan lotereýa petegini berer. Onuň üsti bilen müşderi hojalyk tehnikasyny, bezeg kosmetikasyny we başga-da köp sanly sowgatlary gazanyp biler.

1986-njy ýylda Türkiýede esaslandyrylan Gizia modalar öýi üstünlikli zenanlar üçin ýagty hem-de täsirli obrazlary döredip gelýär. Gizia-nyň önümleri Fransiýanyň we Italiýanyň kaşaň fabrikleriniň tebigy önümlerinden öndürilýär.
Gizia brendiniň eşikleriniň dükany şu salgyda ýerleşýär: «Aşgabat» SDM, 1-nji gat, № B-1.39.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň