«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Türkmenistan bilen Russiýanyň şäherleriniň arasynda howa gatnawy gaýtadan dikeldilenden soň ilkinji uçary Kazana gondy.
Boeing 737-800 uçary ýerli wagt bilen 16:23-de Kazan howa menziline gondy.
Belläp geçsek, Türkmenistandan Kazana howa gatnawlary her hepdäniň çarşenbe güni amala aşyrylyp, uçar ýerli wagt bilen 14:55-de Aşgabatdan Kazana tarap ýola düşer. Kazandan Türkmenistana gaýdýan uçar Türkmenabat halkara howa menziline gonar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2016-njy ýylda Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawyny ýola goýandygyny bellemek gerek. Täze gatnawyň açylmagy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň ösmegine itergi berdi. Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda yzygiderli howa gatnawlary togtadyldy.