Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguzdaky täze hassahanada bejergi alýan çagalar bilen duşuşdy

22:2331.05.2022
0
2937
Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguzdaky täze hassahanada bejergi alýan çagalar bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Daşoguz şäheriniň merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda açylyp, ulanmaga berlen welaýat Köpugurly hassahanasynda bolup, bu ýerde halkyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça edilýän tagallalar bilen tanyşdy we welaýatyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Daşoguz şäheriniň merkezinde ýerleşýän Köpugurly hassahana baryp, onuň bölümlerinde döredilen şertler, aýratyn-da, bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýlary bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow operasiýa etmäge taýýarlanýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, bu ýerde edilýän lukmançylyk hyzmatlary we onuň netijeleri bilen gyzyklandy. Bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ene-atalar bilen gürrüňdeş bolup, olara çagalaryň doly derejede bejergi almagy, degişli operasiýalara taýýarlanmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanjakdygyny we çagalaryň sagalyp, deň-duşlary bilen şatlykly ýaşamaklary üçin zerur bolan ähli goldawlaryň beriljekdigini aýtdy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow hassahanada bejergi alýan çagalara öz sowgatlaryny gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň