Turkmenportal logo
16.05.25
2223022230
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 2026-2030-njy ýyllar üçin inçekesele garşy göreşmek boýunça milli meýilnama ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanda 2026-2030-njy ýyllar üçin inçekesele garşy göreşmek boýunça milli meýilnama ara alnyp maslahatlaşyldy

14-nji maýda Aşgabatda BSSG-nyň ýurt edarasy Türkmenistanda 2026-2030-njy ýyllar üçin inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli strategiki meýilnamany işläp taýýarlamak boýunça Milli iş topary bilen duşuşyk geçirdi.


Duşuşyga BSSG-nyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermeni Mihail Wolik gatnaşdy, bu barada BSSG-nyň metbugat habarynda aýdylýar.


Duşuşygyň esasy maksady strategiki resminamanyň täzelenen görnüşi bilen tanyşdyrmak, şeýle hem ýurtda inçekesele garşy göreşmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin senenama meýilnamasyny we geljekki çäreleri ara alyp maslahatlaşmakdyr.


M.Wolik inçekesele garşy göreşde utgaşdyrylan tagallalaryň möhümdigini nygtady we BSSG-nyň jemgyýetçilik saglygy babatynda milli maksatlara ýetmekde Türkmenistany hemişe goldaýandygyna ynandyrdy.