Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli söwda toplumynyň sergisi açyldy

22:3329.05.2022
0
3522

Şu gün Türkmenistanda Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my giň­den bel­le­nil­di. Şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li bir­nä­çe çä­re­ler gu­ral­dy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li gu­ral­an esa­sy çä­re­ler Aşgabatda bol­dy. Bu ýer­de Türkmen ha­ly­şy­nas­la­rynyň bü­tin­dün­ýä jem­gy­ýe­ti­niň ХХII mej­li­si ge­çi­ril­di, ol «Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Türkmenistanyň söw­da top­lu­myn­da ser­gi gu­ral­dy we sun­gat ese­ri bo­lan aja­ýyp ha­ly­la­ry do­ka­ýan us­sat ha­ly­çy­la­ry sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy.

Türk­men ha­ly­la­ry­nyň hor­ma­ty­na gu­ra­lan çä­re­ler mil­li mi­ra­sy­ wa­gyz et­mek, giň jem­gy­ýet­çi­li­gi ýur­du­my­zyň ga­za­nan­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­mak, şeý­le hem da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin oňyn müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di.

Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry hem-de ede­bi-saz­ly kom­po­zi­si­ýa­la­ry bu ýer­de gu­ra­lan da­ba­ra öz­bo­luş­ly baý­ram­çy­lyk öwüş­gi­ni­ni çaý­dy. Halk aý­dym-saz­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­ler we bel­li est­ra­da­çy­lar myh­man­la­ry be­lent owaz­ly aý­dym-saz­la­ry bi­len gar­şy­la­dy­lar.

Türkmenistanyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän üç gün­lük ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Mil­li Ge­ňe­şiň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, Hö­kü­met ag­za­la­ry, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň, mi­nistr­lik­le­riň­dir pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, me­de­ni­ýet, sun­gat iş­gär­le­ri hem-de us­sat ha­ly­çy­lar gat­naş­dy­lar.

Hem­me­ler Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedowyň da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler.

Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar, Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­lik­le­ri­niň, «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň, Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň, Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň bi­le­lik­de gu­ran ser­gi­si­niň çäk­le­rin­de «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­di» ny­şan­ly önüm­le­riň­dir ha­ryt­la­ryň örän köp gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­di.

Ser­gi Gün­do­gar halk­la­ry­nyň kö­pa­syr­lyk däp­le­ri­niň öz­bo­luş­ly do­wa­my­na öw­rül­di. Ga­dy­my söw­da ýol­la­ry, şeý­le hem Be­ýik Ýü­pek ýo­ly döw­let­le­riň ara­syn­da di­ňe bir yk­dy­sa­dy we me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne go­şant bol­man, eý­sem, tä­ze açyş­la­ry­dyr usul­la­ry giň­den wa­gyz et­mek­de hem äh­mi­ýet­li bo­lup­dyr.

Türkmenistanyň söw­da top­lu­my­nyň we­kil­le­ri­ne hem-de işe­wür to­par­la­ra öz önüm­le­ri­ni, hyz­mat­la­ry­ny gör­kez­mä­ge, hyz­mat­daş­lar bi­len giň gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­den ser­gi­niň köp­ta­rap­ly hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy onuň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Şeý­le hem ser­gi ýurduň eks­port kuw­wa­ty­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.

Pu­dak­la­ýyn ser­gi­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dok­ma se­na­ga­ty­nyň ga­za­nan­la­ry we ony ös­dür­me­giň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri gör­ke­zil­ýär. Türkmenistanda Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de iri hä­zir­ki za­man dok­ma top­lum­la­ry­nyň gurulmagy, içer­ki ba­zar­la­ryň ýo­ka­ry hil­li dok­ma önüm­le­ri bi­len üp­jün edil­me­gi eks­port ha­ryt­la­ry­nyň, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­çi­li­giň art­dy­ryl­ma­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa nah­dan taý­ýar­la­nyl­ýan dok­ma önüm­le­ri, aja­ýyp ha­ly­lar da­şa­ry ýurt­lar­da uly is­leg­den peý­da­la­n­­ýan ha­ryt­la­ryň ha­ta­ryn­da öz or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar.

Türk­men el ha­ly­la­ry ser­gä gat­na­şy­jy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Olar kö­pö­wüş­gin­li­li­gi bi­len paý­tag­ty­my­zyň iri mu­zeý­le­rin­de we hä­zir­ki za­man çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­la­ryn­da gör­ke­zil­ýär. Şeý­le hem bu ýer­de türk­men ha­ly­çy­la­ry­nyň yh­la­sy bi­len tä­ze­den di­kel­di­len ga­dy­my ha­ly nus­ga­la­ry we ýüň­den, ýü­pek­den do­ka­lan ha­ly­lar mö­hüm orun eýe­le­ýär. Türk­men ha­ly­la­ry­nyň aja­ýyp gö­zel­li­gi we ola­ryň ýo­ka­ry hil de­re­je­si dün­ýä ýü­zün­de uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Pa­riž, Mon­re­al, Leýp­sig, Brýus­sel, Že­ne­wa, Maýn bo­ýun­da­ky Frank­furt şä­her­le­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýar­mar­ka­lar­da türk­men ha­ly­la­ry köp san­ly baý­rak­la­ra my­na­syp bol­dy.

Ser­gä gat­naş­ýan myh­man­lar ha­ly do­ka­ma­gyň tä­sin­li­gi­ne göz ýe­tir­di­ler. Ha­ly­çy­la­ryň ça­la­syn­lyk bi­len he­re­ket ed­ýän bar­mak­la­ry, ola­ryň çy­ra­nyň yşy­gy­na öw­şün at­ýan ke­ser­le­ri we ýe­ri­ne ýe­tir­ýän çi­tim­le­ri hem­me­le­ri haý­ra­na goý­dy. Bir ha­ly­ny do­kap gu­tar­mak üçin şu­nuň ýa­ly he­re­ket­le­riň müň­ler­çe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek ge­rek.

Ser­gi­niň çäk­le­rin­de ti­kin­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň we paý­tag­ty­my­zyň Mo­da­lar öýü­niň hü­när­men­le­ri öz­bo­luş­ly mil­li ly­bas­la­ry gör­kez­di­ler.

Ser­gi­niň kö­pu­gur­ly­ly­gy oňa gat­naş­ýan kär­ha­na­la­ryň­dyr kom­pa­ni­ýa­la­ryň ha­ryt sy­ýa­sa­ty­ny we söw­da me­de­ni­ýe­ti­ni gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.

Umu­man, ser­gi pu­dak­la­ýyn dü­züm­ler, söw­da mer­kez­le­ri, lo­maý we bö­lek söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan fir­ma­lar hem-de kär­ha­na­lar, şeý­le hem dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len hu­su­sy kär­ha­na­lar üçin öz önüm­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny gör­kez­mek­de, işe­wür gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak­da hem-de öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak­da oňyn meý­dan­ça bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Tu­tuş Türkmenistanda Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my my­na­sy­bet­li dür­li du­şu­şyk­lar, ser­gi­ler, yl­my mas­la­hat­lar, dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri, kon­sert­ler we beý­le­ki köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler ge­çi­ril­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň