Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar Ýere çalymdaş planetany tapdylar

15:1727.05.2022
0
10479

Ýere çalymdaş täze ekzoplaneta alymlar tarapyndan Gawaý adalaryndaky Subaru teleskopynyň kömegi bilen tapyldy. Mir24 saýtynyň habar bermegine görä, planeta Ýerden 36,5 ýagtylyk ýyly uzaklykda kiçeňräk öçügsi ýyldyzyň daşyndan aýlanýar.

Öçügsi ýyldyz gyzyl girdenekler toparyna degişli we Gün ulgamyndan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýär.

Barlaglaryň maglumatlaryna görä, Ross 508 b adyny alan ekzoplaneta Ýerden çen bilen 4 esse dagy uly we gaz görnüşde däl-de, has gataňsy hem daşlak. Hünärmenleriň pikirine görä, Ross 508 b ekzoplanetasy janly zolaga ýa-da ýyldyzyň töweregindäki oňaýly temperatura çägine girýär. Emma planeta bize mälim bolan ýagdaýdaky ýaşaýyş üçin ýaramly däl bolsa gerek.

Ross 508 b planetasy ýyldyzyň daşyndan her 10,75 sany Ýerdäki günden bir aýlaw edýär. Gün bilen Ýeriň aradaşlygyna garanyňda, bu planetanyň Gün bilen aradaşlygynyň ýakynlygyna garamazdan, Ross 508 b aşa gyzgyn däldir. Gyzyl girdenegiň ýyldyz şöhlelenmesi biziň planetamyza düşýän şöhlelenmeden bary-ýogy 1,4 esse artykdyr.

Hünärmenleriň çaklamagyna görä, Ross 508 b-da ýaşaýan jandar ýokdur, emma onuň açylmagy ylym üçin diýseň wajypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň