Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen halyçylara hormatly atlar dakyldy

14:4627.05.2022
0
787

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, halyçy zenanlaryň ondan gowragyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar dakyldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 2022-nji ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli şu aşakda ady görkezilen halyçylar «Türkmenistanyň at gaznan halyçysy» diýen hormatly adyň eýesi boldular:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arzygül Durdymuhammedowna Kakabaýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Aýgözel Nurmämmedowna Esenowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Täjigül Nurmämmedowna Ýagmyrowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň Balkanabat bölüminiň önümhana halyçysy Jumagül Saparmämmedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Ýazgül Begbaýewna Söýegowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Agabeg Amanowna Hudaýberenowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Gülnara Çaryýewna Rezwanowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Dünýägözel Rejepgulyýewna Ýalkapowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aknabat Çarýardurdyýewna Mahramowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Ogulmurat Güýçgeldiýewna Kullyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň halyçysy Ogulgözel Imamkulyýewa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň