Arhiw

Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda «Söýginiň şäheri» atly konsert geçirildi

13:2926.05.2022
0
5958

Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Söýginiň şäheri» («Город любви») atly konsert guraldy.

Teatryň döredijilik toparynyň guramagynda geçen bu konsert dabarasynyň öňden bäri hem köpçülikleýin söýlüp tomaşa edilişi ýaly, bu gezek hem onuň ähli biletleri doly satyn alyndy.

Režissýor Kyýas Gurbanowyň ýolbaşçylygynda sahnada liriki aýdymlar, meşhur kinofilmleriň aýdymlary, dünýä halklarynyň tanslary, gülküli sahna çykyşlary, şeýle-de Aşgabat şäherini wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.

Maý aýynda «Söýginiň şäheri» konserti aýyň 28-ine bolar, iýun aýynda bolsa ony her hepdede geçirmek meýilleşdirilýär. Şol sebäpden hem maý aýynda konserte gatnaşyp bilmedikler tanymal artistleriň gatnaşmagynda boljak konsertlere iýun aýynda tomaşa edip bilerler.

Konsertiň peteklerini teatryň kassalaryndan gyzyklanyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň